logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Okuw maslahaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdy. Mirasymyzy gorap saklamak boýunça öz strategiýasyny işläp düzmekde, Türkmenistan degişli Konwensiýanyň esasy ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanýar. Türkmen döwleti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar ÝUNESKO tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Oktýabrda bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni, 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda kabul edilen ÝUNESKO-nyň "Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky" Konwensiýasyna laýyklykda döredildi.
Bu baýramçylygyň maksady – däp-dessurlara, senetçilige we aýdym-saz ugurlaryna ünsi çekmek we olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Bu sene dürli ýurtlarda sergiler, konsertler, ussatlyk sapaklary we ylmy maslahatlar ýaly dürli görnüşlerde bellenilýär.
Türkmenistan ýurdumyzda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramaklarynda «Dünýä halklarynyň saz guraly» atly aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary we Sazşynaslyk fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň kafedralaryndan we klublaryndan gelen wekiller konserwatoriýanyň muzeýinde ýerleşdirilen saz gurallarynyň sergisi bilen tanyşdylar hem-de halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen milli we häzirki zaman sazlaryny diňlediler. Okuw maslahatynyň esasy maksady – milli mirasymyzy gorap saklamak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de adamzadyň medeni köpdürlüligini berkitmekden ybaratdyr.

MADDY DÄL MEDENI MIRAS MÜDIRLIGI