logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Okuw – tejribe maslahat

Balkan welaýatynda medeniýet hepdeliginiň çäginde Balkan welaýat kitaphanasynda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmekde ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işiniň esasy ugurlary” atly okuw – tejribe maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy hem kitaphanaçylyk işini has-da kämilleşdirmek hakynda şeýle hem ylym ojagy hasaplanýan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hereket edýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen çalt gözleg etmäge, diňe bir kitabyň asyl nusgasyny däl, eýsem onuň elektron görnüşini hem okamaga mümkinçilik döredilen. Şeýle-de Bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphana işini talabalaýyk alyp barmaga, okyjylaryň isleg bildirýän neşirlerinden bökdençsiz peýdalanmaklaryna ýardam berýär. Bu ýerde gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky ylmy makalalar elektron kataloga salynýar. Munuň özi okyjylara gerek bolan maglumatlary peýdalanmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de kitaphanalara sanly ulgamyň döredilmegi, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine uly itergi berýändigi hakynda okuw – tejribe maslahatynda giňişleýin beýan edildi.

Ata Watanymyzda medeniýetimiziň sungatymyzyň pajarlap ösmegi ugrunda uly şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!