Türkmenistanyň Bazar.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medenýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medenýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medenýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen ugurdaşlykda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahatynda “Altyn-asyr” we “Türkmenistan” teleýaýlymlarynyň döredijilik toparlarynyň ýazgy etmekliginde söhbetdeşlikler gurady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kitaphanalary diňe bir paýhas ummanyna öwrülen geçen asyrlaryň kitaplary bilen däl, häzirki döwrümiziň ruhy öňegidişlikleri bilen tanyşdyrýan gollanmalar, maglumatlar, gündelik metbugat neşirleri bilen işlemäge şert döredýär. Ýurdumyzda kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, medeni, ylmy we beýleki isleglerini kanagatlandyrmak boýunça kitaphananyň işi, döredilen we döredilýän amatly şertleriň üsti bilen bökdençsiz amala aşyrylýar. Ine şular babatda söhbetdeşlikde täsirli gürrüňler edildi.