logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«OKYJYLARA GURALÝAN DÖWREBAP HYZMAT WE BÖLÜMIŇ IŞ AÝRATYNLYKLARY HAKYNDA» ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanada okyjylara guralýan döwrebap hyzmat we bölümiň iş aýratynlyklary hakynda ýazgy edildi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli kitap okamaga çekmekde, kitaphana gelýän okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryny diňe bir katalog we kartotekalaryň üsti bilen däl, eýsem elektron katalogyň üsti bilen tapyp bermekde uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

Söhbediniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin alkyş sözlerini aýtdylar.