logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!

24-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäginde «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» atly bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki medeniýet öýünde konsert geçirildi. Konserte gatnaşan ähli welaýatlaryň bagşy-sazandalary türkmen halk aýdymlaryny hem-de naýbaşy dessanlaryň parçalaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we sungaty, bagşyçylyk däpleri jemgyýetde agzybirligiň we ruhy sazlaşygyň berkarar bolmagyny esasy ugur edinýär. Bagşy-sazandalaryň çykyşlarynda hut şu ugra degişli asylly ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyň dowamynda we häzirki döwürde hem netijeli ulanylýan milli saz gurallarynyň sergisi guraldy. Munuň özi ajaýyp binada geçirilen baýramçylyk dabarasynyň derejesiniň we ähmiýetiniň belende galmagyny üpjün etdi. Sergä gatnaşyjylar bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Olar halk aýdym-sazlarynyň çeperçilik derejesine, bagşylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berdiler. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesi, dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

Taýýarlan:Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik
işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.