logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine,ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, raýatlarymyzyň Watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli ýurdumyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek biz kitaphanaçylaryň mukaddes borjy bolup durýar diýip giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.