logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖŇE BARÝAR KÖŇLI HYJUW, HOŞ BOLUP, ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR!

Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Öňe barýar köňli hyjuw, hoş bolup, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen ertirlik geçirdi. Çärä Balkan welaýatynyň 27-nji çagalar bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çärede Balkan welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy türkmen halk ertekileri barada gyzykly gürrüňler berdi. Körpeler hem Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda kitaphananyň çagalar otagynda gyzykly oýunlary oýnap wagtlaryny gyzykly geçirdiler.

Baýramyňyz gutly bolsun, dünýämiziň bezegi bolan eziz çagalar! Goý, bagtyýar çagalygyň ajaýyp mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň gülki sesleri, şadyýan owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!