logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ONLAÝN DUŞUŞYK

Suratkeşler özboluşly dünýäsi bilen hemişe döredijilik gözleglerinde bolýarlar. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapyp, kämil sungat eserleri bilen ussatlaryň arasynda öz mynasyp orunlaryny tapýarlar. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniň üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar. Şeýlelikde, ajaýyp sungat eserleriniň döremegine, ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

24-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýiniň arasynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu onlaýn duşuşygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen suratkeşleriniň döredijiligi bilen tanyşdyryldy. Iki muzeýiň arasynda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça özara pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler muzeý işini ösdürmekde, geljekki ýaş nesillere ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.