logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖNÜMÇILIK HÜNÄR OKUW IŞINDE KITAPHANA SYNY

ÖNÜMÇILIK HÜNÄR OKUW IŞINDE KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphanaçylar we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň önümçilik hünär öwreniş işini geçýän talyplar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiri bilen tanyş boldular. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýändigini beýan etdiler. Kitapda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri giňden beýan edilýändigini nygtadylar.

Syna gatnaşyjylar bu ajaýyp eseriň ýaş nesilleriň häzirki dünýäde, şeýle hem kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmakda eýeleýän ornuna göz ýetirmekde saldamly goşandyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlary beýan etdiler.