logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ORAZ SALYRYŇ HALYPASY USSAT BAGŞY MUHY AMANOW

Sarahs sährasynda sazyň älemde,
Gadam goýduň mäkäm sazanda Muhy.
Ussatlaryň ençe syrly tälimde,
Joşup, hötde geler sazanda Muhy.

Gurban Wehimi

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Muhy Amanow 1880-nji ýylda Garaman obasynda daýhançylyk bilen meşgullanan we bagşyçylyk sungatyndan baş çykaran maşgalada eneden bolýar. Onuň çagalyk ýyllary ene-atasynyň terbiýesi bilen hoş geçýär.
1890-njy ýylda Muhy 10 ýaşyndaka kakasy Aman bagşy aradan çykýar. Wagtyň geçmegi bilen ol belli Soltanýaz bagşa gatnap, onuň şägirdi bolýar. Ussat bagşynyň ýaşlykdan ady halkyň içinde adygyp, ugraýar. Ol şol döwürde ady belli Gara bagşy bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Muhy bagşy eýýäm 14 ýaşynda belli bagşylaryň hataryna goşulýar.
Ussat bagşy öz döwründe türkmeniň aýdym-saz sungatyny nota geçiriji W.Uspenskiý bilen hem duşuşýar. Alym rus dilini türkmen diline geçirýän terjimeçi Muhammetmyrat Nepesliýew bilen Muhy bagşynyň öýünde bir aý töweregi bolýar. Salyr bagşylarynyň we sazandalarynyň aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. Şol wagt Uspenskiý Muhy bagşydan üç sany aýdymy nota geçirýär. Muňa mysal edip şulary görkezmek bolar: “Şelepli durna” (goşgusy “Saýatly-Hemra” dessanyndan), “Gand-u şekerli”, “Hamet agladan” (goşgusy Magtymgulynyňky).
W.Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda Muhy halypa hakynda şeýle belleýär: “Muhy bagşynyň kakasynyň dostlary, olaryň arasynda hususan-da, 1917-nji ýylda ýogalan, türkmen bagşylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanandygy üçin “ussat” adyny alan meşhur dutarçy Soltannyýaz onuň aýdym-saz jähetden ösmeginde we kakasynyň aýdym-saz baýlygyny oňa geçirmekde uly işler edipdirler. Muhy bagşy dutar çalmakda uly ussatlyga ýetendigi üçin, Soltannyýazyň Muhy bagşa bir ýylyny sarp edendigini belläp geçmek gyzyklydyr. Muhy bagşy öň aýdym aýdar ekeni, ýöne 15 ýyl mundan ozal, ol diýseň gümürtik halda sesini ýitiripdir. Ol göriplik ýa-da şahsy hasaplaşyk üçin kimdir biriniň özüne däri-derman içirendigini güman edýär, ýöne gatybir ynanyp barmasa-da, sesiniň sowuklama zerarly giden bolmagynyň mümkindiginem aradan aýranok. Muhy bagşy salyrlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Meniň tanşan wagtym ol 40 ýaşyndady. Sarahsdan gaýtmazymyň öň ýany, men Muhy bagşy bilen ýene-de kluba bardym we özünden ýazyp alan saz eserlerimi oňa çalyp berdim. Onuň şatlygynyň çeni bolmady. Türkmen saz eserlerini kagyza geçirip bolýandygy ony diýseň geň galdyrdy hem begendirdi”.
1970-nji ýylyň noýabr aýynda Muhy bagşy 90 ýaş ýubileýi bellenilýär. Şol ýubileýiň aýdym-sazyny meşhur bagşylar Täşli bagşy, Aman bagşy, Hally Mämmetýaz bagşy ýerine ýetiripdir. Bagşynyň 90 ýaş ýubileýi bellenen günlerinde dünýä inen agtygyna Togsan diýip at goýupdyrlar. Halypa bagşy 1972-nji ýylda 92 ýaşynyň içinde aradan çykýar.

Arzygül ÝAGMYROWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby