Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda mähriban Diýarymyz türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belentde tutulýan, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän ajaýyp, bagtyýar ýurdy hökmünde tanalýar.
Döwletimizde zenanlaryň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler zenanlary has döredijilikli işlemäge, zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyndaky tutýan orny, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, zenanlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler bimöçberdir.
Zenanlarymyz maşgala binýadynyň daýanjy, öýlerimiziň bezegi, ýüzümiziň tuwagydyr. Her bir maşgalada nesil terbiýesinde zenanlara möhüm orun degişlidir. Olar türkmeniň milli däp-dessurlaryny, durmuşymyzy bezäp gelýän asylly ýörelgelerini dowam etdirijilerdir. Ine, hut şol mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy müdirliginiň gözegçilik bölüminiň baş maslahatçysy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Nurbike Amanowa, Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Oraztäç Nuryýewa, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Şemşat Wekilowa dagylar çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler mähriban Diýarymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüji syýasatlary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, enäniň we maşgalanyň goraglylygy, dowam edip gelýän milli ýörelgelerimiz, jemgyýetçilik durmuşymyzdaky zenanlaryň orny, olaryň edep-terbiýesi barada gyzykly we täsirli gürrüňler berdiler.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar zenan, maşgala, jemgyýet, olaryň abadançylygy, zenan hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek babatdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Ogultäç Hojanazarowa,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ministrligiň zenanlar guramasynyň başlygy