logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Merkeziň Zenanlar guramasy bilen bilelikde “Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz - nesihat çäresi geçirildi. Çärede ene-mamalarymyzdan gelýän millilikleri ýaş gyz-gelinlerimize öwretmeklik, ene-atasyndan alýan edep terbiýesi, görüm-göreldesi, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan sylag-sarpasy, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.