logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym – Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Maliýe institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym–Pyragynyň arzuwlan zamanasynda» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçilik, küýzegärçilik, halyçylyk, atşynaslyk sungaty bilen umumyadamzat medeni–ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalaryň edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.