logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖSÜŞLERE BESLENEN AK ŞÄHERIMIZ AŞGABAT

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen ak şäherimiz Aşgabat” barada ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri ýurdumyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigini, aýratyn binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan paýtagtymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.