logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde çykyş eden lukman zenanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri” atly täze kitabynyň çap edilmegi hem lukmanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady bolup, olaryň ýankitabyna öwrülen bu ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde alym Arkadagymyz türkmen topragynda bitýän,gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlary beýan edilip hem-de alym Arkadagymyzyň bu täze kitaplarynyň ähmiýeti, lukmançylyk ylmynyň ösüşine goşan goşandy barada giňişleýin söhbet edildi. Maslahatyň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.