logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý-sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.

“Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.