logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, ösüşleri, özgerişleri hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarynda bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.