logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR BERKARAR WATAN!

ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR BERKARAR WATAN!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «Ösüşlere beslenýär berkarar Watan!» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri,ösüşiň täze belentliklerini, şeýle hem üstünliklere beslenýän gender deňligi, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, alnyp barylýan halk bähbitli işleriniň,taryhy başlangyçlaryň, haýyr-sahabat we ynsanperwer işleriň ähmiýeti, milli senetçiligi,halyçylygy,sungatymyzy ösdürmek,taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek meseleleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetleriniň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.