logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ösüşlere tarap ak ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, kitaphananyň işgärleri bilen hem-de, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde “Ösüşlere tarap ak ýol” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda myhmanlar öz ýürek joşgunlaryny beýan etdiler. Türkmenistan syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ösüşleriniň giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletli diýarymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara giňişlikdäki abraý-mertebesi belent derejelere göterilýär diýip, myhmanlar öz sözlerini soňladylar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.