logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖSÜŞLERIMIZ-TÄZE ÝEŇIŞLERE BADALGA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde “Ösüşlerimiz-täze ýeňişlere badalga” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlikde ýurdymyzyň ösüşleri we ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna” atly kitap sergi gurnalyp, kitabyň gymmaty, kitap okamagyň aýratynlyklary we ýaş nesillerimizde kitaba bolan söýgini döretmekde giňden wagyz edildi.

Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler