logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ÖSÜŞLERIŇ BELENTLIKLERINE BESLENEN PARAHAT,ASUDA DÖWRÜNIŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY» ATLY AÝDYM–SAZLY DABARALY MASLAHAT

«ÖSÜŞLERIŇ BELENTLIKLERINE BESLENEN PARAHAT,ASUDA DÖWRÜNIŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY» ATLY AÝDYM–SAZLY DABARALY MASLAHAT

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde “Ösüşleriň belentliklerine beslenen parahat,asuda döwrüniň buýsançly zenanlary” atly aýdym –sazly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk,ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý- sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.

«Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys» diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.