logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ösüşleriň ýoly bilen

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy we medeni mirasy ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär. Ata – babalarymyz bilimli, edepli we zähmetsöýer bolmagy ynsanyň iň uly bezegi hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler örän giňdir. Döwrebap mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, ylmy merkezler, elektron maglumat ulgamlary ýaşlaryň hyzmatyna berilýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň diňe bir bilim almaklaryna däl, eýsem öz ukyp – başarnyklaryny ösdürip, geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine hem uly ýardam berýär.

Ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, olaryň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!