logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

OWADAN DÜNÝÄNIŇ ZYNATY ENE

OWADAN DÜNÝÄNIŇ ZYNATY ENE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Owadan dünýäniň zynaty ene» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetde uly ornynyň bardygy, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara döwlet goldawynyň berilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesine halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, mährem enelere, mährem zenanlara goýylýan sarpanyň örän belentdigini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda şahyr zenanlar gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygy, wepadarlygy, ene söýgüsi hakynda, mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini wasp edýän şygyrlary bilen, talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidemtimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.