logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Owazasy arşa dolan bedewler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda, “Owazasy arşa dolan bedewler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen bu çärede, çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilendigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň niderland dilinde çap edilen “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem ýokary derejede geçirilendigini nygtadylar. Şonuň ýaly-da, Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän “Bedew ösüşleriň nyşany” atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde uly işleri alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.