logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Owazyň belentden ýaňlansyn

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Owazyň belentden ýaňlansyn” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler dogrysynda şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesiller üçin hem-de bütin dünýäde tutýan orny hakynda, halypalaryň ýaş kitaphanaçylara beren maslahatlary diňlenildi. Gatnaşyjylar ”Milli medeniýet – kämil mekdep” atly sergä syn etdiler. Ajaýyp döwürde türkmen medeniýetimizi dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!