logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINI BIRLEŞDIRÝÄN HALKARA ÇÄRELER DOWAM EDÝÄR

Şu gün Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Geçirilen halkara çäreler dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer ulgamynda baý tejribe toplamaga ýardam bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ruhy we medeni mirasyna, aň-bilimine gyzyklanmalary höweslendirmekde netijeli häsiýete eýe boldy.

Ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýäde parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.