logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan günüň 300 ýyllygy mynasybetli, Özbegistan çeperçilik akademiýasynyň gurnamagynda türkmen suratkeşleriň sergisi geçirilýär. Bu sergä gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti iş saparyna gitdiler. Sergide türkmen suratkeşlerimiziň eserleri sergilenýär.