Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, agzybirlik, doganlyk gatnaşyklaryny asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirip geldiler. Türkmen we özbek halklaryny medeniýetleriniň, däpleriniň, sungatlarynyň ýakynlygy birleşdirýär.
Şu ýylyň 22-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Özbek kamera orkestriniň solistleriniň 40 ýyllygyna» bagyşlanan ýubileý çäresine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli orkestr artisti (konsertmeýsteri), Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow gatnaşdy. Bu çärä Russiýa Federasiýasyndan Hytaý Halk Respublikasyndan Türkiýe Respublikasyndan we başga-da ençeme döwletlerden kompozitorlar, dirižýorlar, medeniýet, sungat ussatlary gatnaşdylar.
Bu ýubileý çäresinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň dirižýorlyk etmeginde «Suratkeşiň mirasy» atly saz eseri ýerine ýetirildi. Bu saz eserini tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Beýleki döwletlerden gelen sungat ussatlary hem çäräniň dowamynda ajaýyp saz eserlerini ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.
Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.