Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly kitap sergisini gurnady. Bu sergide türkmen halkynyň beýik söz ussady, Gündogaryň akyldar dana şahyry Magtymguly Pyragynyň kitaplary hem-de akyldar şahyr barada ýazylan ylmy kitaplar öz beýanyny tapýar. Dana şahyra bagyşlanan bu kitap sergisi şahyryň dünýäsi bilen gyzyklan okyjylara, magtymgulyşynaslara esasanda ýaş nesillerimiziň ylym-bilim babatda gözýetiminiň has-da ýokary derejede ösmegine itergi berýär. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.