logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölüminiň işgärleri çagalar bakja-bagynda “Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp gyzykly duşuşyk geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.

Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.