logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“PALAS ÖNÜMLERI – DOKMAÇYLYGYŇ GADYMY NUSGALARY”

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, türkmen halky dünýä derejesinde ykrar edilýän gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir.

Şeýle baý mirasymyzyň nepis nusgalarynyň biri hem palas önümleridir. Palas önümleri çeper elli zenanlarymyzyň ýeňil bolmadyk, inçe we çylşyrymly el işleriniň biridir. Palas dokamaklyk yhlasly zähmeti, irginsizligi talap edýär. Bu nepis el işi ejeden gyza, gelnejeden baldyza, aýal dogandan uýalaryna geçip nesilme-nesil dowam edip gelýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz tarapyndan döredilen medeni mirasymyzy öwrenmekdäki we gorap saklamakdaky gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň guwandyryjy netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mirasymyzyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekdäki ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde palas önümleriniň sergisi guraldy we “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşigiň çäginde “Palas önümleri – dokmaçylygyň gadymy nusgalary” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Diýarymyzda milli - medeni we taryhy ähmiýetli mirasymyzyň iň gadymy nusgalarynyň biri bolan palas önümlerini öwrenmekde, olaryň asyl nusgalaryny dikeltmekde alnyp barylýan işler, palas önümleriniň türkmen durmuşynda tutýan mynasyp orny, dokalyş aýratynlyklary, usullary dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, alyp barýan döwletli işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.