Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahat durmuşda-şöhraty dünýä ýaň salýan Watanymyz» atly aýdym-sazly, brifing duşuşygy geçirildi. Brifingi alyp bardy Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Dörwan Myradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Ogulsadap Durdyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň mugallymy Aýgül Gurbanowa, Türkmenbaşy jinsi toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Allanazar Täçmyradow dagylar duşuşykda çykyş etdiler. Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy hem-de hormatly Prezidetimiziň «Merkezi Aziýa-Ýewropa bileleşigi» birinji sammitindäki täsirli çykyşynda «Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydyr» diýen sözlerinden ugur alyndy.