logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHAT WATANYM–KÖŇÜL BUÝSANJYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Parahat Watanym–köňül buýsanjym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler parahatçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerligiň ählumumy ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň synmaz sütüni bolan bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, belent ykrarnama eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.