Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti, we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Beýik Serdaryň Ruhubelentlik nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Parahat ýurt – sagdyn çagalygyň mekany!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgesi, arassaçylyk, saglyk, sagdynlyk, milli terbiýe mekdebi bu günki gün hem asylly ýörelgämiz bolup durýandygy, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize esaslanyp, ýaş nesilleriň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, ahlaklylyk, ula hormat kiçä sylag goýmak ýaly asylly sypatlary ündemekde kitaplaryň orny örän uly bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.