logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYGA AÇYLAN AJAÝYP GAPY

PARAHATÇYLYGA AÇYLAN AJAÝYP GAPY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň halypa mugallymlary hem-de bagtyýar talyp-ýaşlary bilen bilelikde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Parahatçylyga açylan ajaýyp gapy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir ýaş nesil üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler barada buýsançly gürrüňler berdiler. Talyp-ýaşlar, höwesjeň okuwçylar kitaphanamyzyň sergileri, bölümleriniň alyp barýan işleri hem-de kitap gaznasy bilen ýakyndan tanyş boldular.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän, dünýä döwletleri bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.