logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYGYŇ BELENT OWAZY

PARAHATÇYLYGYŇ BELENT OWAZY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylygyň belent owazy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler asudalyk, agzybirlik, berkararlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «Parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman ýaly giň, daglar ýaly belent düşünjelerden alýar diýip bellediler. Şeýle hem ýurt parahat bolanda, günler söýgä, aýlar bagta, ýyllar asudalyga beslenip, bagtyýar durmuş has-da gülleýändigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.