Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Parahatçylygyň dabaralanýan diýary» ady bilen kitap sergi gurnaldy we aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ulydan toýlanylýan ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Baky Bitaraplygy halkara derejede uly gyzyklanma we goldawa eýe bolýandygy, bu bolsa belent ykrarnama eýe bolan ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk we dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä halklarynyň parahat durmuşyna gönükdirilen belent tutumly işleriň, aýdyň maksatlarynyň hem-de taýsyz tagallalary halkymyzy egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyna besleýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.