logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ BINÝADY

PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher Komitetiniň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylygyň mizemez binýady» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde parahatçylyk–ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.