logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«PARAHATÇYLYGYŇ ŞAHYRY» ATLY OKUW SAPAGY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň «Parahatçylygyň şahyry» atly bölümine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda «Magtymguly Pyragy–türkmen milli ruhunyň synmaz binýady», «Dana akyldaryň döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň çeper bezegi», «Şahyryň goşgularynda parahatçylygyň waspy», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Magtymguly Pyragynyň paýhasly keşbi», «Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini belende göteren danadyr», «Türkmen haly sungatynda dana şahyryň döredijiligi» ýaly temalar boýunça birnäçe gyzykly maglumatlar beýan edildi.