Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň belleýişi ýaly: “Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösüş aýratynlyklarynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň has-da kämilleşmegi, şeýle hem täze, has belent derejelere ýetirilmegi döwrüň biziň öňümizde goýan möhüm wezipesidir” diýmek bilen, Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 1-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri” atly gujurly ýaşlaryň bäsleşikli döredijilik sergisi açylýar. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, animasiýa, zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk we sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkeziler.
Şeýle-de bu sergä şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyplary muzeý we şahsy ýygyndylarynda saklanylýan eksponatlary, fotosuratlary we söhbetdeşlik arkaly toplan täze maglumatlary jemlemek bilen, türkmen şekillendiriş sungatyny çeperçilik taýdan öwrenip, özleriniň ýerine ýetiren kitaplary we senenamalary bilen gatnaşýarlar. Olardan Amangül Goçmyradowanyň “Reňkleriň simfoniýasy”, Ogulsona Öwezmyradowanyň “Arkadag şäheriniň arhitekturasy” we “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, "Gülşen Berdiýewanyň “Hazar deňziniň gözel keşbi”, Şemşat Kadyrowanyň “Sungat dost-doganlygyň köprüsi”, Leýli Allakuliýewanyň “Türkmen bedewi - 2025” ýaly sungaty öwrenijilik işleri, Döwran Akgaýewiň “Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynda bürgütleriň keşbi” atly senenamasy we beýleki eserleri şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny şöhlelendirer. Umuman, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlaryň ýolbaşçylygynda döredilýän eserler türkmen şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygyny ylmy taýdan seljermäge, ýaşlara geljekde hem türkmen sungatyny wagyz etmäge yhlas bilen zähmet çekmeklerini arzuw edýäris.
Ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Mahym Meredowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby