Bagtyýar halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Oňyn özgertmeler, okgunly ösüşler her raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bilşimiz ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Toýly diýarymyzyň üstünlikleri döredijilik wekilleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Şahyrlaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň, suratkeşleriň döredýän sungat eserlerinde şu günki ýaşaýan döwrüniň taryhy ýazylýar. Wagtyň geçmegi bilen döredilýän sungat eserleriniň gymmaty artyp, ýaş nesillerimize döwrümiziň taryhy hakyndaky maglumatlary öwrenmäge hem-de olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine esasy çeşme bolup durýar. Şonuň üçin döredilýän sungat eserleri uly ähmiýete eýedir.
Köňüllere ylham eçilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sungata belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir işde biziň ähli başlangyçlarymyzda mekdep göreldämiz, ylhamdarymyzdyr. Ruhy ylham ýaşlary döredijilikli eserleriň gözlegine ataryp, ýokary basgançaga ymtylyş berýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy–ruhy baýlygyň ojagy. munda, yzygiderli gurnalýan sergilerde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sungat eserleri tomaşaçynyň aňynda galýar, kalbynda müdümilik orun alýar. Şeýle sergileriň biri-de 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty mynasybetli “Garaşsyz Watanymyzda parahatçylygyň we Halk Maslahatynyň rowaçlanmagy” atly ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisidir.
Mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Bu sergi adyndan belli bolşy ýaly, mukaddes Watanymyzyň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer ýörelgeleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, şu günki taryhymyzyň ösüşli menzilleri sungat eserleriň her birinde öz beýanyny tapýar. Döredijilik sergisi sungat muşdaklarynyň gatnaşmagynda uly ruhybelentlige beslendi.
Ogultagan GELDINYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy