logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BERK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewiň, nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradowyň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň gatnaşmaklarynda «Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy we medeni diploma¬tiýany ösdürmekde şekillendiriş sungatynyň orny» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda görülýän taýýarlyklar barada aýdylyp geçildi. Şeýle-de sungat ojagymyzyň ýaş mugallymlaryň we talyplaryň döredýän eserlerinde asuda parahat durmuşumyzyň waspyny ýerine ýetirmek bilen, ynsan ruhuny galkyndyrýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär.


Oguljan Daýyýewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby