logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY-ÖSÜŞIŇ ÝOLY

PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY-ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi «Parahatçylygyň ýoly-ösüşiň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň mekany,ösüşiň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler durmuşa geçirilýär.Şonuň netijesinde hem bu günki günde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da belent derejelere mynasyp bolýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň,dostlugyň,ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän döwlet, dünýäni parahatçylyga çagyrýan,adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar diýip,uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.