logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«PARAHATÇYLYK-ADAMZAT KALBYNYŇ OWAZY!» ATLY SERGI

«PARAHATÇYLYK-ADAMZAT KALBYNYŇ OWAZY!» ATLY SERGI

Watanymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşyny, üpjün etmek ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen barha öňe barýar. Eziz diýarymyzyň ösüşlerini görmäne göz taryplamana şirin zyban gerek. Gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler türkmen taryhynyň gatlaryna ebedi altyn harplar bilen ýazylýar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylyk-adamzat kalbynyň owazy» atly sergi guraldy. Reňkleriň sazlaşygyndan döredilen ajaýyp nakgaş eserlerinden düzülen sergide Çary Öwäýewiň «Eziz ülkäm Mary», Mekan Amanowyň «Ahalteke gözelligi», Merdan Kakabaýewiň «Türkmen gyjaklary», Alekseý Şetininiň «Mollanepes» atly eserleri sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döretdiler.

Ussat muzeý hünärmenleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny parasatly dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.