logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK ASUDALYGYŇ, WE ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Parahatçylyk asudalygyň, we abadançylygyň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde häzirki wagtda döwletleriň arasyndaky, parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli gatnaşyklar halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren ynsanperwer ýörelgeleridigi, şol asylly ýörelgeler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýyly täzeçe röwüşde dabaralanýandygy, şoňa görä-de, Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkara giňişlikde öňe sürülýän başlangyçlar, durmuşa geçirilýän beýik işler uly gyzyklanma, gyzgyn goldawa mynasyp bolýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň barha pajarlap ösmegi, halkymyzyň parahat, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygyň berkemegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.