logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK BÜTIN DÜNÝÄNIŇ GEREGI

PARAHATÇYLYK BÜTIN DÜNÝÄNIŇ GEREGI

«Parahatçylyk bütin dünýäniň geregi» atly Mary welaýat çagalar kitaphanasy hem-de Mary şäheriniň 2–nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen söhbetdeşlik we kitap sergisi gurnaldy.

Bilim ösüşiň, ýaşlar bolsa geljegimiziň binýadydyr. Hut şoňa görä-de, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýändigi barada söhbetdeşligiň dowamynda aýdylyp geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredilýän döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il–ýurt bähbitli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edildi.