logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK GELEJEGE MUKADDES MIRASDYR

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş Muzeýinde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy we Arkadag şäher Kärdeşler Arkalaşygy guramasy bilen bilelikde “Parahatçylyk gelejege mukaddes mirasdyr” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ol bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň usuly kitapnama bölümçesiniň usulçysy Amangözel Gurbandurdyýewa 3-nji orna mynasyp boldy.

Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag ömürleri uzak bolsun alyp barýan il ýurt we adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.