logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATÇYLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 74-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen bilelikde «Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal ýazyjy şahyrlarymyzyň ýazan kitaplary sergide giňişleýin ýerleşdirildi. Şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.