logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK MEKANY, DOST-DOGANLYK MUKAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk mekany, dost-doganlyk mukamy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzda parahatçylyk söýüjilikli ýaşaýşy berkarar etmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýandygy barada belläp geçdiler. Ýurdumyzyň parahatçylyk mukamy dünýäniň dürli künjeklerinde dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk sazlaşygyny döredýändigi, hem-de ýurdumyzda ýaňlanýan parahatçylyk mukamy diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň arzuwlarynyň beýanydygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, bagtyýar döwrüň gujagynda döredilip berilýän ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.