logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK MEKANY–DOST-DOGANLYK MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylyk mekany–dost-doganlyk mekany” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halky asyrlaryň dowamynda hoşniýetlilik ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilik ýoluny ýöredip gelendigi, Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda hem muňa aýdyň subutnama bolup durýandygy, bu ajaýyp kitapda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň halklary dostlaşdyrylýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyz birnäçe halkara guramalary bilen umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýändigi, türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinde hem hoşniýetli goňşyçylyk, parahatçylyk söýüjijik ýaly gymmatlyklar saklanyp galandygy, dost-doganlygyň berkeýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräň dowamynda Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň “Ýaşlygymyzyň owazy – Magtymguly Pyragy” atly aýdym-saz topary birnäçe aýdymlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.